19-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

       Garagum sährasy ýaly giňden düşelen desterhanyň üstünde türkmen topragynda bitýän we ekologik taýdan arassalygy, ýokumlylygy bilen dünýä meşhur bolan dürli önümler görkezilýär. Bu ýerde çörek we çörek önümleriniň örän köp görnüşleri, yhlasly daýhanlaryň netijeli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilýän gök, bakja we miwe önümleri özüne çekijiligi bilen haýran galdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy bilen daýhanlarymyza hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.

       Bir söz bilen aýdylanda, täsin binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan täze myhmanhana toplumyny hakyky sungat eseri diýip atlandyrmak bolar. Agşam çagy ol aýratyn gözel keşbe eýe bolýar. Munuň şeýle bolmagyna köp öwüşginli yşyklar ýardam edýär. Bu ýerde ornaşdyrylan ýöriteleşdirilen enjamlar hem-de sanly tehnologiýalar arkaly günüň şu çagynda suw çüwdürimleri bilen bezelen oteliň daş-töweregi haýran galdyryjy, köp öwüşginli yşyklaryň şüweleňini görkezmek üçin meýdança öwrülýär.

       Şeýlelikde, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna beslenen şu ýylda paýtagtymyzyň binagärlik düzüminiň üsti ýene-de bir ajaýyp desga bilen ýetirildi. Ol milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we “Açyk gapylar” syýasatynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Güýçgeldi Rejepgulyýew

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwerstetiniň

Hojalyk önümlerini gaýtadan

 işlemek fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.