Paýtagtymyzda ýerleşýän teatrlarymyzda şu günler
Türkmenistanyň bitaraplygynyň 26 ýyllyk senesi mynasybetli taýýarlyk
işleri görülýär.
Sahna ussatlarynyň ajaýyp sahna eserlerine seredeniňda halkymyzyň
geçmiş taryhyny we şu gününi gazanmagy üçin ata- babalarymyzyň
nesillere goýan mirasy hakynda gürrüň etmäge zat kän.
Hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplary bolan dürdäne paýhasly
kitaplary biziň nurana geljegimizi sahna sungatynda ýaýbaňlandyrmak
üçin teatr işgärleridir, teatryň döredijilk topary zähmet çekýär.Sahna
gözelliginiň üsti bilen taryha dolanmaklygy başaran teatr ussatlarynyň
döredijilik toparlarynyň biri- de Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň
sahna ussatlarydyr.
Şanly Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk senesine bagyşlanan ajaýyp sahna
eseri hut ata- baba ruhy şahsyýetlerimiz , taryhyň batyr gahrymany,
türkmen halkynyň gerçek ogly Jelaletdin Meňburna bagyşlanandyr.
Türkmen taryhy şahsyýetlerine ýüzlenmek teatrlarymyzda ýoň kada
öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň kitaplaryndan ylham alýan teatr
ussatlary bu sahna eserini Bitaraplyk baýramy mynasybetli
tomaşaçylara hödürlemek üçin taýaýrlyk işlerini görýärler.

Janmämmet Gurbansähedow
TDBGI-nyň talyby