Ýüreklerde ýaňlanýan Bitaraplyk mukamynyň ýurdumyzda we
dünýäniň çar ýanynda dostana gatnaşyklary bilen türkmen halkyny
sylaýan halkalaryň birnäçesiniň raýatlarynyň ýüreginde ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň çar künjünden dostana
döwletleri bilen gatnaşyk etmegi onuň halkara derejesindäki abraýyny
artdyrýar.
Türkmen halkynyň dostluk we parahatçylyk söýüji häsiýetini
şygar edinmegi halkyň gadymy köklerinde goňşy döwletler bilen dostana
gatnaşyk saklamak we şol döwletleriň üsti bilen özüniň ýüpek ýolunyň
üstünden geçýän ykdysady çözgütlerini akyl arkaly dolandyrmagy
halkymyzyň gadymdan gelýän , iri ösen ylmy we ykdysady,medeni we dil
aýratynlyklaryny özünde saklaýan halkdygynyň subutnamasydyr.
Bu günler ýurdumyzyň edaradyr kärhanalarynda Bitaraplyk
baýramyna ykjam taýýarlyklar görülýär. Şol sanda ünýä türkmenleriniň
we beýleki halklar bilen dostana gatnaşyk saklaýan halkalaryň biziň
Bitaraplyk baýramymyza taýýarlyk görmeleri buýsandyryjy zatdyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramyndan soň
Bitaraplygymyzyň buýsançly toýlary goşalanyp gelmesi medeniýet hem-
de sungat işgärleriniň hem ýüregini joşdurýar.Kimse täze aýdym bilen,
kimse täze goşgy setirleri bilen Bitaraplygymyzyň waspyny
ýetirip,gazetdir- jurnallarda çykyş edýär. Munuň özi dünýäniň çar
künjünden gelýän dostana gutlaglaryň hem sanyny artdyrýar. Bu
baýram, mukam bolup ýaňlanýan ýürekdäki watana bolan söýginiň
nyşanydyr. Bitaraplyk mukamy- dostlugyň baýramy ýüreklere şatlyk-
dabara paýlap, dostlugyň mundan beýläk hem giňejekdigini subut edýär.
Soltanmyrat Bekmyradow
TDBGI-nyň Senagat raýat jaý gurluşyk hünäri fakultetiniň talyby