Türkmenistan döwletimizde şu günler bitaraplyk baýramy mynasybetli birnäçe çärelerdir, duşuşyklar geçirilýär. Edil şol bir wagtyň özünde- de bu duşuşyklardyr, maslahatlar esasan sanly ulgam arkaly dünýäniň çar künjünde ýaşaýan halkaryň wekilleri , ýagny döwlet derejesinde geçirilýär.

Ýakynda ýurdumyzda geçirilen Türkmen- Hytaý hökümetara komitetiniň energetik babatynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 7-nji mejlisi hem muňa aýdyň mysaldyr.

Türkmen tarapyna “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, hytaý tarapyna bolsa Hytaý Halk respublikasynyň energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy Ç.Tzýanhua ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar şu ýylyň maý aýynda geçirilen telefon aragatnaşygy esasynda söhbetdeşligiň netijesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde söwda- ykdysady aragatnaşygyň ýola goýulmagyndaky özgerişlikler we önümçiligi maliýeleşdirmek toplumlaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde üstünlik gazanmagyň ugurlary boýunça birnäçe söhbetdeşlikler geçirildi.

Türkmenistanyň energetika pudagynyň , energiýa çeşmeleiriniň hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlary kesgitlenildi. Soňra iki döwlediň wekilleri hem hyzmatdaşlygy dowam etmek meselesi boýunça ylalaşyga gol çekdiler.

Türkmenistanyň ösen ykdysady aýratynlyklaryny kesgitleýän bu onlaýn mejlis iki ýurduň bähbidini hem göz öňüne tutjagy ikiuçsyzdyr.

 

                                                   Mekan Ataýew

TDBGI-nyň Senagat we raýat jaý gurluşygy hünäri fakultetiniň talyby