Şu günler şäherimizde we welaýatlara Bitaraplyk baýramy mynasybetli uly taýýarlyklar görülýär.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň görki baýramçylyk dabaralaryna beslenýär. Edaradyr – kärhanalarda baýramçylk munasybetli nyşanlaryň hem- de toý- dabaralarynyň ruhy ilatymyzyň göwnüni galkyndyrýar.
Ýoň bolup gelşi ýaly, türkmen halky öz baýramçylyklaryny we toý- dabaralaryny ak öýlerde tutumany eýýäm birnäçe asyrdan bäri özüniň däp- dessurynyň iň mukaddesi hasaplaýar.
Türkmneiň ak öýlerinde tutulýan toýlar üstünligiň açary hem- de agzybirligiň nyşany hökmünde türkmen halkynyň myhmansöýerligini, ynsanperwerligini ýeen bir gezek subut edýär.
Türkmeniň ak öýleri bolsa häzirki döwrümizde Hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlary bilen ähli welaýatlarymyzda toý- baýramlaryň tutulýan mekanyna, şowhun- dabaralaryň göze gelüwli görünýän ýerine öwrüldi.
Ak öýleriň gözelligini görmäge göz gerek.
Aslynda öýi nirden gurmaly? Nirde düýbüni tutmaly? Orta Aziýada ýaşan gadymy halklaryň hemmesinde bolşy ýaly, yrym bilen saýlanylmagynyň aňyrsynda hem şol öýde ýaşajak maşgalanyň başyna saýladylmagy ýönekeý zat däl. Soňra ýerini ýigit oky bilen saýlanyndan soň, gerdek dikilip, öýüň gurluşygyna başlamagy bilen ilat arasynda oňa kömek bermek, ýagny her bir maşgalanyň öý- ojak bolmagyna gatnaşmak, gadymy türkmen topragynda edil häzire- bu güne çenli ýoň bolup gelýär.
Ýagny adamlar şol ak öýüň dikilmegine uly il bolup gatnaşýarlar. Ýagny gelin- gyzlar hem bu meselede çetde durmandyrlar.
Ak öýlerde tutulýan sarpaly toýlar soňra ýyllaryň, wagtyň geçmegi bilen döwlet çäreleriniň geçýän ýerine hem öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlary bilen tutulýan ak öýleriň Bitaraplyk baýramy mynasybetli hem bezeljekdigi we ol ýerlerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň çykyş etmegi üçin edilýän işler häzirki günlerden gyzgalaňly dowam edýär.
Şeýle baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň Bitarplyk baýramynyň 26 ýyllyk senesiniň baýram ediljek günlerinde buýsançly türkmen halky öz ak öýleriniň töwlerini giňden açyp,myhmanlary güler ýüz bilen garşylar.
Aksoltan Hudaýberdiýewa
TDBGI-nyň talyby