Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky muzeýleriň Halkara Bitaraplyk baýramynyň 26 ýyllyk senesine taýýarlyk işleri ýurdumyzyň ähli künjünde alnyp barylýar.

Ýadyňyzda bolsa geçen ýyl, ýurdumyzyň Halkara Bitaraplyk baýramynyň 25 ýyllyk sesnesi mynasybetli hem edil şeýle sergileriň gurulmagy Türkmenistnayň medeni derejedäki halkara abraýyna öz täsirini ýetiripdi.

Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň wertual sergisinde görkezilýän işleriň aýratyn- aýratyn böleklerden ybarat bolup, her bir tomaşaçynyň ýadynda galmagy, muzeýde sergilenýän taryhy tapyndylaryň, şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň gazananlarynyň şu günki günümizde dünýäniň çar künjündäki muzeýsöýerlere, taryhy öwrenijilere çelgi bolup hyzmat etdi.

Geçen ýyl Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçirilen wertual serginiň üstünlikleri öz netijesini berýär.

Halkara gatnaşyklardaky medeniýetiň orny, halkara gatnaşyklarynyň üstünlikli ädimlerini özünde jemleýän şeýle sergileriň her ýylyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçirlmegi bolsa, Türkmenistanyň Halkara derejedäki üstünlikleriniň medeni bölegini düzmäge bir basgançak bolup biler. Wertual sergileriň üstünligi häzirki döwürde Horamtly Prezidentimiziň aladasy bilen öňe sürülýän sanly ulgamyň hem netijelerinden kök alýar.

Sanly dünýägaraýşyň oňyn çözgütlerinden ugur alsak, her bir günümiziň üstünliklerden – üstünliklere beslenýändigini görýäris. Her bir günümiziň şatlyk- dabaralara beslenýän pursadynda baýramçylyk sergileriniň ilata hödürlenmegi, türkmen halkynyň öz baý medeniýetine goýýan sarpasynyň aýrylmaz bölegidigini subut edýär.

Şanly Hemişelik Bitaraplyk baýramymyzyň 26 ýyllyk senesiniň baýram edilýän günlerinde täze wertual sergileriň gymmaty halkara derejesinde has- da öz gymmatyny artdyrýar.

 

Berdi Saparmyradow 

                                                      TDBGI-nyň talyby