Akwarel usuly arkaly surat çekmek sungatynyň bir görnüşi bolup, onuň öz aýratynlygy bardyr. Muny dünýä belli suratkeşleriň akwarel usulynda çeken suratlaryndan hem görmek bolýar. Bu usulda surat çekmek uly ussatlygy talap edýär. Akwarel bilen bagly ýörite halkara güni hem bar.

Her ýylyň 23-nji noýabry Bütindünýä akwarel güni hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bellenilýär. Bütindünýä akwarel gününi bellemek teklibini meksikaly suratkeş Alfredo Guati Roho 1991-nji ýylda teklip edýär. Onuň özi akwarel sungaty bilen içgin gyzyklanypdyr. Ol ýörite Meksikada akwareller jemgyýetini, akwarel suratlary ýerleşdirilen muzeýi esaslandyrýar.

Akwarel suratlary Hytaýda kagyzyň oýlap tapylmagy bilen kagyz ýüzüne geçirip başlaýarlar. Akwarel sözüniň manysy “suwly” diýmegi aňladýar. Sungatyň bu görnüşi XVIII asyrda Angliýada, XIX Russiýada we ABŞ-da giňden ýaýrap başlaýar.

Her ýylyň 23-nji noýabry Bütdindünýä akwarel güni hökmünde bellenilýär. Bu günde Akwarel jemgyýetleriniň gatnaşmagynda şeýle usulda surat çeken suratkeşleriň sergisi gurnalýar. Bu bolsa, halkara gününiň aýratyn tarapydyr.

Gaýgysyz KERIMOW,

          Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

               Halkara gatnaşyklary institutynyň