25-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşdy.

1961-nji ýylda döredilen bu gurama häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän 120 döwleti özüne birleşdirip, harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we döwletleriň hem-de halklaryň parahatçylykly ýaşamak ýörelgeleri ugrunda çykyş edýär. Şunda bu iri birleşmäniň ýanynda döwletleriň 17-siniň, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň synçy derejesi bardyr.

Goşulyşmazlyk hereketiniň esasy maksady ýer ýüzünde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam bermekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, bu ugurlar Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýär, munuň özi oňyn hemişelik bitaraplyk derejesi we döredijilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýermek bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamakda, döwrüň talap edýän hyzmatdaşlygyň has netijeli ugurlaryny kemala getirmäge üýtgewsiz eýerýändigini bellemek gerek.

Azerbaýjan bu forumy 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk hereketine başlyklygy kabul edýän ýurt hökmünde geçirýär.

Wekiliýetleriň baştutanlarynyň forumyň resmi banneriniň öňünde däbe öwrülen surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Bakuwyň Kongresler merkeziniň uly mejlisler zalynda Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII Sammitiniň açylyşy boldy. Umuman, foruma dünýäniň 160-a golaý ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, ýokary wezipeli wekiller hem-de iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, G-77 toparynyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy. Ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibine häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine bilelikde garşy durmagy, oňyn syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy öz içine alýan sebit hem-de ählumumy derejedäki möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi.