Netflix striming hyzmaty öz platformasyndaky iň meşhur filmleriň we seriallaryň reýtingi ýerleşdirilen top10.netflix.com saýtyny işe girizdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berdi.

Her sanawda on pozisiýa bolup, olar dört sany esasy kategoriýany öz içine alýar. Olar: iňlis dilindäki filmler, iňlis dilindäki seriallar, daşary ýurt dillerindäki filmler we daşary ýurt dillerindäki seriallar. Şol bir wagtyň özünde, ol ýerde hyzmatyň işleýän 90 ýurdunyň her biri üçin degişli sanawlary görmek bolýar. Metbugat gullugynyň nygtaýşy ýaly, sanawlar ulanyjylaryň bu eserleri görmek üçin sarp eden wagty göz öňünde tutulyp düzülýär.

Kompaniýa sanawlary hepdäniň sişenbe güni täzelemegi maksat edinýär. Häzir onda soňky hepdelerde haýsy filmleriň we seriýalaryň has meşhur bolandygyny hem görmek bolýar.

Mundan başga-da, saýtda hyzmatyň tutuş taryhy boýunça iň meşhur filmleriň we seriallaryň sanawlary bar. Iňlis dilinde iň meşhur filmleriň sanawynyň öňüni “Guş kapasasy” (Bird Box, 2018), seriallardan – “Bridjerton”-yň birinji möwsümi (Bridgerton, 2020) çekýär. Daşary ýurt dillerindäki filmleriň arasynda “Gan ýaly gyzyl asman” (Blood Red Sky, 2021) nemes filmi öňdäki orunda durýar, seriallaryň arasynda bolsa “Kalmar oýunlary” (Squid Game, 2021) has uly meşhurlykdan peýdalanýar.

Selbi BAÝRAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby