Natural Landscape Awards halkara fotosurat bäsleşiginiň emin agzalary 2021-nji ýylyň ýeňijilerini yglan etdi. “Ýylyň suratçysy” ady Amerikanyň peýzaž suratçysy Erik Bennete berildi. Bu kategoriýadaky ikinji ýeri ABŞ-ly suratçy Ben Horn, üçünji orny bolsa, nemes Tobias Rihter aldy. Olaryň hemmesi bäsleşige dünýäniň dürli künjeklerinden tebigy landşaftlaryň gözelligini açyp görkezýän birnäçe suratlar hödürledi.
“Ýylyň suraty”, Amerikaly suratçy Stiw Altermanyň, Islandiýadaky gara çägeli Fellsfýar kenarynda düşüren “kosmiki” surat boldy. Kenar ýakada gezelenç wagtynda, Stiw tolkunlaryň guma atylan aýsbergiň bir bölegine nädip çökýändigini görmegi we bu gözelligi ele almagy başarypdyr.
Oguljeren BALLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby