Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda häzitki wagtda Aşgabady ösdürmegiň tapgyrlaýyn meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan gözel paýtagtymyz Aşgabat bu gün özüniň owadan binalary bilen göreni haýrana goýýar. Şol binalaryň biri hem “Abadançylyk” binasydyr. Binanyň şeýle atlandyrylmagynyň aňyrsynda uly many bar. Abadançylyk – bu parahatçylyk, agzybirlik, rowaçlyk diýmekdir. Abadançylygyň bolan ýerinde gülläp ösüş, öňe gidişlik bolýar.

Binada bäş sany kepderiniň daşyndan aýlanyp duran ýer şarynyň şekili aýratyn orny eýeleýär. Munuň manysy akja kepderiniň parahatçylyk, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgeleri bütin dünýä ýaýratýanlygydyr. Hakykatdan-da parahatçylygyň ilçileri bolan akja kepderiler mawy asmanymyzyň bezegi, asudalygyň alamaty bolup durýar. Şeýle-de binada bäş welaýatyň gölleriniň şekilleri ýerleşdirilipdir. Agzybirligimizi, bütewiligimizi alamatlandyrýan haly gölleri bu binada beýleki ýerleşdirilen nyşanlar bilen utgaşyp ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Binada ýereşdirilen her bir nyşanyň aňyrsynda parahatçylyk, agzybirlik ýaly ýörelgeler bar. Bu ýörelgeler bize asyrlar boýy ata-babalarymyzdan miras galyp şu günlerimizde hem dowam edip gelýär. Ine, şu zatlaryň özi türkmen halkynyň agzybirliginden, milliliginden nyşandyr.

Bina gijesine owadan yşk sazlaşygy bilen paýtagtymyzyň gözelligine aýratyn görk goşýar. Dürli reňkdäki yşyklara beslenen suw çüwdürimleri bolsa onuň kaşaňlygyny artdyrýar. Abadançylyk binasy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda öňe barýan ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň aýdyň subutnamasy hasaplanýar.

Häzirki wagtda binagärlik sungatynyň dürdänesi hasaplanýan gözel paýtagtymyz Aşgabady ösdürmegiň 16-nji tapgyry üstünlikli durmuşa geçirilýär. Birnäçe binalar, dynç alyş merkezleri, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanylmaga berilýär. Bu amala aşyrylýan işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalary bardyr.

Aşgabady mundan beýläkde gülledip ösdürmekde uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Merjen AŞYROWA

          Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

         Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.