Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Watanymyzda halkara gatnaşyklarynda ýokary ähmiýetli maksatnamalaýyn işleriň ençemesi alnyp barylýar. Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki derejesini kesgitlemäge esas bolup, onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Döwletimiz häzirki wagtda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça dünýä ýüzünde özüniň nusgalyk işlerini ýola goýdy netijeli amala aşyrýar.

2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň deňi-taýy bolmadyk düzümi bolan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň dabaraly açylyşyna hormatly Prezidentimiziň hut özi gatnaşdy. Bu düzümi döretmek başlangyjy Türkmenistanyň Prezidentine degişli bolup, dünýäniň strategik taýdan möhüm sebitleriniň birinde özara gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny döretmek işiniň başyny başlady. Bu pikiriň amala aşyrylmagy BMG-niň we sebit bileleşiginiň, ozaly bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň şeýle Merkeziň zerurdygyna we maksada laýyk boljakdygyna düşünmegi bilen berkidildi.

Şeýlelikde, sebitiň taryhynda ilkinji gezek netijeli gepleşikleriň, dawalaryň öňüni almagyň hem-de syýasy-hukuk gurallara hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ägirt uly abraýyna, onuň syýasy guramaçylyk serişdelerine daýanmak bilen, bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamagyň ösüşe ýardam ediji guraly bolmaga gönükdirilen, hemişelik hereket edýän işçi edarasy peýda boldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygynyň şanyna degişli Kararnamanyň kabul edilmegi merkeziň işiniň ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk edýär. Şol resminamada halkara bileleşiginiň öňüni alyş diplomatiýasynyň kuwwatyna uly gyzyklanma bildirýändigi hem-de Bitarap Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk tejribesiniň we onuň döredijilikli başlangyçlarynyň zerurlygy öz beýanyny tapdy. Dünýäniň dürli yklymlaryna wekilçilik edýän döwletleriň 57-si bu resminama awtordaş bolup çykyş etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň ýurdumyzy sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine hem-de giňeldilmegine önjeýli goşant goşýan ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň möhüm düzümleri, şol sanda Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýaysynyň sebit merkezi bilen edýän işjeň gatnaşyklary täze özara ylalaşykly we uzak geljegi nazarlaýan, diňe hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulmagyny hasaba almak bilen, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaýyn wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen çemeleşmelerde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz energetika we ulag, ekologiýa, ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarda giň möçberli taslamalary amala aşyrmak bilen, döwletiň we tutuş jemgyýetiň durnukly ösüşiniň pugta binýadyny kemala getirmekde nusgalyk orun eýeleýär.

Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de özara goldaw bermek ýörelgelerine yzygiderli eýermek bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümlerini ösdürmäge uly goşant goşýar, dostlukly döwlete döredijilikli durmuşyň binýatlaryny pugtalandyrmakda hemişe kömek berýär. Munuň özi biziň Watanymyzyň dünýäde diplomatiýanyň bu ugry boýunça özüniň Bitaraplyk syýasaty esasynda alyp barýan işleriniň esasynda görelde mekdebi bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Orazmyrat HEMRAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.