Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (BMG BÝKM) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekili Hans Fridrih Şodderiň arasynda 19-njy noýabrda online duşuşyk guraldy.
Duşuşygyň baryşynda şu ýylyň dowamynda bilelikdäki ýerine ýetirilen işler belläp geçildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigi aýdyldy. Bu bolsa strategik gatnaşyklaryň hasda geriminiň giňejegini görkezdi.
BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bosgunlara, raýatlygy bolmadyk adamlara goldaw bermek hem-de olaryň hukuklaryny goramak boýunça ähmiýetli işleri durmuşa geçirmek bilen halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryna özüniň agramly goşandyny goşýar.
Türkmenistanyň raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy ugrundaky anyk hereketleri BMG BÝKM- niň 2014-2024-nji ýyllar üçin raýatsyzlygyň soňuna çykylmagy boýunça on ýyllyk “I BELONG” global kompaniýasynyň çäklerindäki çagyryşyna doly laýyk gelýändir. Hut şu sebäpli, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip raýatkygy bolmadyk şahslara yzygiderli raýatlyk berilýänligini görkezmek bolor.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy BMG BÝKM-niň wekilini 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Meseleler ara alnyp maslahatlaşylandan soň taraplar mähirli hoşlaşdylar.
Ogulnar ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.