The Sun gazetiniň habaryna görä, 2022-nji ýylyň ýazynda Florida ştatyndaky
Amerikanyň Disney World tomaşalar seýilgähinde “Ýyldyz söweşleri” stilinde
gurnalan myhmanhana gämisi açylar.
Ähli penjirelerde kometalary, planetalary we raketalary görkezýän wideo
ekranlar gurnalan. Şeýle hem myhmanhanada, hemişe ýyldyz uçarlarynyň
dwigatelleriniň sesini ýada salýan güwwüldi eşidilýär.
Şol bir wagtyň özünde "bortda" 500-e çenli adam ýaşap biler. Ýöne, bir şert
bar: bu ýagdaýy başdan geçirmegiň doly bolmagy üçin Jorj Lukasyň belli
rowaýatyndan bir keşbiň eşiginde gelmeli ýa-da gämide satylýan eşik satyn alyp
geýimleriňizi üýtgetmeli. Mundan başga-da, neşiriň belleýşi ýaly, "uçuş" wagtynda
myhmanlar sýujetiň hekaýasyna gatnaşarlar hem-de bortdaky aktýorlar we beýleki
syýahatçylar bilen nähili aragatnaşyk saklamalydygyny saýlap bilerler.
Myhmanhananyň restoranyndaky tagamlar hem adaty däl: buzly tematiki
kokteýl, gök ýagly gyrmyzy çörek, kosmos wafli.