Alymlar gara çaýy gipertoniýa garşy iň täsirli içgi hökmünde ykrar etdiler.
Gözlegiň netijeleri The American Journal of Clinical Nutrition tarapyndan neşir
edildi.
Alymlaryň synagyna ýokary gan basyşy bolan adamlar gatnaşdylar. Synaga
gatnaşýanlara her gün üç käse gara çaý ýa-da düzüminde degişli mukdarda kofein
bolan flawonoidsiz içgi berildi (gözegçilik topary). Soňra gatnaşyjylaryň gan
basyşyny wagtal-wagtal barladylar.
Netijede, gara çaýyň ýokarky we aşaky gan basyşyny gözegçilik içgisi bilen
deňeşdirende has köp peseldýändigi anyklandy.
Hünärmenler, bu içginiň täsiriniň hut şol wagtyň özünde ýüze çykandygyny
we alty aýlap durnuklydygyny saklaýandygyny bellediler. Oňa başlangyç gan
basyş derejesi we ýürek urşunyň ýygylygy hem täsir etmedi.

Dünýägözel ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby