Awstraliýa COVID-19 keseline garşy doly sanjym edilen daşary ýurtly
talyplara, bosgunlara we ýokary hünärli hünärmenlere 1-nji dekabrdan başlap
serhetlerini açýar. Şeýle hem, karantin zerurlygy bolmadyk Ýaponiýadan we
Günorta Koreýadan gelen syýahatçylar üçin açylar diýip, ýurduň premýer-ministri
Skot Morrison duşenbe güni habar berdi.
Şol bir wagtyň özünde, ol Awstraliýa wizasy bolan bu döwletleriň
raýatlarynyň, Awstraliýa karantindan geçmezden diňe öz ýurtlaryndan gelip
biljekdiklerini düşündirdi. Olar ýörite gezelençler üçin şertler döredilen ştatlara we
sebitlere syýahatlara gatnaşyp bilerler.
Awstraliýanyň içeri işler ministri Karen Endrýu şol metbugat ýygnagynda
Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň raýatlarynyň sanjym şahadatnamasyny we
ugramazdan ozal 72 sagatdan köp wagt geçmedik negatiw koronawirus barlagyny
görkezmelidigini aýtdy.