“Soyuzmultfilm” studiýasynyň “YouTube” kanalynda meşhur “Dur, bakaly!”
multfilminiň täzeden görkezilişiniň ilkinji treýleri ýerleşdirildi.
"Möjek we towşanyň meşhur kowalaşmasy dowam edýär! 2021-nji ýylyň
dekabrynda tomaşa ediň"-diýip, studiýanyň wekilleri Instagramda aýtdy.
Täze proekt "Dur, bakaly! Dynç alyş" diýip, atlandyrylýar. Ondaky möjek we
towşanyň başdan geçirmelerine başga gahrymanlar hem goşular. Kimiň dişliniň
tarapyny aljagy, kimiň bolsa gulaklynyň tarapyny aljagy ýakyn wagtda belli bolar.
“Soyuzmultfilm” premýeranyň takyk senesini ýakyn wagtda yglan etmegi
wada berýär.
Studiýa, täze seriýanyň üstünde 2020-nji ýylda işläp başlady. Geljekdäki
bölümde möjegiň sesini Garik Harlamow, towşanyň sesini bolsa Dmitriý
Hrustalew janlandyrar
Täze “Dur, bakaly!” multfilimiň birinji treýleri çykdy
