Awokado düzüminde peýdaly ýaglar, kaliý, kletçatka we antioksidantlar köp
bolanlygy sebäpli peýdalydyr. Mundan başga-da onda uzak wagtlap ýatda
saklamaga kömek edýän pantoten kislotasy bar. Bu maddanyň ýetmezçiligi bolan
adamda ýadawlygyň bolýandygy bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde lukman, aşa
köp agramly adamlara bu önümiň kaloriýasynyň gaty ýokary bolany üçin awakado
iýilende onuň mukdaryna üns bermelidigini etmelidigini duýdurdy.
Ýokary akyl ukyplaryna rozmarin hem oňyn täsir edýär. Ol pikirlendiriş
amallaryny güýçlendirmek üçin peýdaly asetilkoline baýdyr. Ýatkeşlik üçin ýene-
de bir peýdaly önüm, zeýtun ýagy diýip atlandyryldy. Mundan başga-da,ol
garrylykdaky huşsyzlygyň öňüni almak üçin täsirli serişde hasaplanýar.Şeýle hem,
gök çaý we gara şokolad ýatkeşligi ýokarlandyrmana kömek edýän önümleriň
sanawyna girýär.
Gaýgysyz ANNAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby