5–7-nji noýabr aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler. Bu çärä gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik wekiliýeti geler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa hökümet mejlisinde habar berdi. Göz öňünde tutulan çäreleriň çäklerinde amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň Terýan medeni merkeziň hünärmenleri bilen duşuşyklary geçiriler, ermeni kinofilmleri görkeziler. Medeniýet günleriniň açylyş we ýapylyş dabaralary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler.
Türkmenistanda Ermenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
