1988-nji ýylda Amerikan kompýuter enjamlary birleşigi 30-njy
noýabry Maglumatlary goramagyň Halkara güni diýip yglan etdi.
Halkara kompýuter howpsuzlygy güni diýlip hem atlandyrylan bu günüň
döredilmeginiň esasy maksady, ulanyjylara kompýuterlerini we olarda
saklanýan ähli maglumatlary gözegçilikde saklamagy we goramagy
ýatlatmakdan ybaratdyr. Şeýle-de, Assosiasiýa bu güni yglan etmek bilen
enjamlary we programma üpjünçiligini öndürijileriň we ulanyjylaryň
ünsüni howpsuzlyk meselelerine çekmek isledi.
1988-nji ýylda toruň "gurçugy" epidemiýasyny dörediji
hökmünde Morrisiň ady ýaýrapdy. Hut şondan soň hünärmenler
maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek üçin toplumlaýyn çemeleşmegiň
zerurlygy barada pikirlenip başladylar. Ilkinji kompýuter wirusynyň
prototipi eýýäm 1983-nji ýylda peýda bolupdy. Hususan-da, bu
günde goralmadyk enjamlar tarapyndan alnan zyýanyň mukdary habar
berilýär. Mysal üçin, 2000-nji ýylda işe girizilen "Men seni söýýärin"
kompýuter wirusynyň zyýany diňe Demirgazyk Amerikada bir milliard
dollar boldy.
Her ýyl bu gün, baýram üçin öndürilen afişalara we beýleki çap
edilen materiallara ýerleşdirilen belli bir şygar astynda geçirilýär. Birnäçe
ýylyň dowamynda geçirilen ähli çäreleriň esasy ideýasy her bir
ulanyjynyň maglumat aktiwleriniň we çeşmeleriniň goralmagyny üpjün
etmelidigini we goldamalydygyny ýatladýar.
Bu nukdaýnazardan maglumatyň goralmagy:
– antiwirus programmalaryny gurmak,
– gorag diwarlaryny oturtmak (Firewall),
– tapmasy kyn parollary ulanmak,
– maglumat çeşmelerini we emläkleri fiziki taýdan goramak we beýleki
çäreler göz öňünde tutulýar.
Baýramowa Bahar,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň,
Agroinženerçilik taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.