1. Sanlaşdyrmak, bu näme?
Sanlaşdyrmak – bu işewürlik modelini üýtgetmek, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly sanly ulgama geçmek prosesi.
2. Sanlaşdyrmagy kim oýlap tapdy?
Kompýuterdir telefonlar oýlanyp tapylanyndan soň, sanly aragatnaşyk mümkinçiligi döredi. Bu düşünjäni ilkinji bolup oýlap tapan matematik Klod Şannondyr. Ol 1948-nji ýylda çap edilen «Aragatnaşygyň matematiki teoriýasy» atly kitabynda sanlaşdyrmagyň esasyny goýdy.
3. Sanlaşdyrmak durmuşa nähili täsirini ýetirdi?
Sanly tehnologiýalar taryhymyzdaky islendik täzeliklerden has çalt ösdi. Sanlaşdyrmagy ornaşdyrmak dünýä ilatynyň bary-ýogy iki onýyllygyny aldy. Şol 20 ýylyň dowamynda sanlaşdyrmak biziň diňe iş wezipelerimizi yzygiderli üýtgetmek bilen çäklenmedi. Onuň dünýä ilatynyň ýaşaýşyny kämilleşdirmäge-de ep-esli täsiri ýetdi. Dowam edýän sanly üýtgeşme innowasiýa mümkinçiligini döretdi we birnäçe iş prosesiniň çykdajylaryny azaltmak arkaly öndürijilik güýjüni ýokarlandyrdy.
4. Sanlaşdyrmagyň ähmiýeti näme?
Sanlaşdyrmak ozallar hatda göz öňüne-de getirip bolmajak köp sanly täze hyzmatlar bilen adamzat ýaşaýşynyň aňsatlaşmagyny üpjün etdi. Häzirki wagtda sanly maglumatlar keselleri bejermäge, obalary şäherleşdirmäge, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, kärhanalaryň marketing tagallalaryny artdyryp, satuwy ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
5. Sanly ykdysadyýetiň düzüm bölekleri näme?
Sanly ykdysadyýet dürli düzüm böleklerden durýar. Olara internet we elektrik infrastrukturasy, telekommunikasiýa pudagy, sanly hyzmaty üpjün edijiler, elektron telekeçilik we elektron söwda pudagy, maglumat we bilim dolandyryş ulgamlary degişlidir.
6. Sanly dünýäniň ululygy nähili?
Sanly älem hem edil fiziki älem ýaly uludyr diýsek, hakykatdan daşdüşdügimiz bolmaz. Çünki ol häzirki wagtda älemdäki ýyldyzlar ýaly köpsanly ölçegleri öz içine alýar.
Aýlar AMANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.