ÝÖTB halkara maliýe edarasy bolup, 1992-nji ýyldan bäri Türkmenistan hem onda esaslandyryjy paýdar bolup durýar. Bankyň paýdarlary – bäş kontinentden 69 sany döwlet, şeýle hem Ýewropa Birleşigi (ÝB) we Ýewropanyň Maýagoýum Banky bolup durýar. Bu günki günde ÝÖTB Merkezi Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň 30-dan gowrak döwletlerinde, şeýle hem Günorta we Gündogar Orta Ýer deňiz zolagynda işläp, bazar ykdysadyýetini ilerletmäge we hususy we telekeçilik başlangyçlaryň höweslendirilmegine işjeň şekilde gönükdirilendir.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, Türkmenistan ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmek we ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny goldamak üçin halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Hususan-da, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk bu ýyl 30 ýyllygyny bellän Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky (EBRD) bilen baglanyşýar. Bank 1991-nji ýylyň aprelinde döredildi we sebitdäki iň uly maýa goýujydyr.
Türkmenistanda ÝÖTB esasanam, gönümel ýa-da gytaklaýyn maliýeleşdirmek görnüşinde maliýe gurallaryny teklip edýär. Maliýe hyzmatlaryna goşmaça hökmünde, ÝÖTB ýerli kärhanalarynyň ÝB-niň kömegi bilen “Kiçi Telekeçilik üçin Maslahatlar” maksatnamasynyň üsti bilen halkara hünärmenleri we ýerli maslahatçylary bilen birikdirmek arkaly ösmeklerine ýardam berýär.
1994-nji ýylda BDÖB Türkmenistanyň Merkezi Banky (TMB) bilen orta we kiçi kärhanalary maliýeleşdirmek üçin 35 million dollar karz ugry barada şertnama baglaşdy. BDÖB-nyň Türkmenistanda alyp barýan işiniň ilkinji ýyllarynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin takmynan 7 million dollar töweregi 110 karz berildi. Maliýeleşdirilýän taslamalar esasan azyk, mebel, ulag hyzmatlary, syýahatçylyk we söwda bilen baglanyşyklydy.
Bankyň Türkmenistandaky belli maýagoýum taslamalaryň biri – Mary welaýatyndan et, şöhlat we konditerçilik pudaklarynda iş alyp barýan bir maşgala kärhanasy bolan «Täze Aý» Toparynyň ösüşidir. ÝÖTB-nyň maliýeleşdirmegi we maslahatlary bilen, Topar 2013-nji ýyldan bäri et we şöhlat önümleriniň önümçiligini giňeldip, halal önümleriň öndürilmegini artdyryp bildi, konditerçilik we çörek-bulka önümleri üçin täze enjamlary satyn alyp, halkara ykrar edilen hil sertifikatyny alyp, olaryň esasynda bolsa eksporta başlap bildi. ÝÖTB-nyň “Agrobiznes üçin Maslahat” maksatnamasynyň ýolbaşçysy Wiktoriýa Zinçugyň aýtmagyna görä, ÝÖTB bilen «Täze Aý» toparynyň hyzmatdaşlygy, maliýeleşdirmek we maslahat beriş hyzmatlary bilelikde kärhananyň satyşlaryny iki esse artdyrmaga, has netijeli bolmaga, önümleriniň hiliniň gowulandyrmagyna we netijede bazarda öňdebaryjy derejä ýetmäge nädip ýardam berenliginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Bank tarapyndan Türkmenistanyň hususy pudagyna goldawy, ýerli kärhanalary bilen gönümel maliýeleşdirmek we maslahat beriş taslamalaryna gatnaşmaklyk çäklerinden aşýar. 2015-nji ýylda ÝÖTB, türkmen hususy banky bilen Söwda Ýardam Bermek Meýilnamasy (SÝBM) çäklerinde ilkinji geleşige gol çekip, Türkmenistanda serhet ara söwdany goldady. ÝÖTB dinamiki şekilde ösýän, ýurtda hususy kärhanalara goldaw bermeklige gönükdirilen «Rysgal» bankyna, söwdany maliýeleşdirmek üçin, borçnamalary bolmadyk multiwalýuta mehanizmini üpjün etdi. Söwdany maliýeleşdirmek üçin bolan bu mehanizm daşary ýurtly täjirçilik banklaryna söwdany maliýeleşdirmäge kepillikleri bermek üçin ulanylýar. «Rysgal» bankynyň korporatiw müşderileri üçin bu mehanizm harytlaryň eksport edilmegini we import edilmegini aňsatlaşdyryp, daşary ýurtly harytlary şol ýurdyň içinde paýlanmagyny aňsatlaşdyryp berdi. Kepillikler giden daşary ýurt walýutalarda geleşikleri öz içine alýar.
ÝÖTB prezidenti Suma Çakrabarti 2016-njy ýylda Türkmenistanda iş saparynda boldy we şol saparynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi (TSTB) bilen Özara ylalaşyk barada Memoranduma gol çekdi. Bu memorandum Banka sebitlerden kärhanalary, telekeçileri bilen işleşmäge mümkinçilikleri goşdy. BDÖB-nyň metbugat gullugynyň 31-nji awgustda habar berşi ýaly zerur iş kapitalyny doldurmak we iş netijeliligini ýokarlandyrmak, önümleriň gerimini giňeltmek we eksport potensialyny güýçlendirmek üçin “Parahat” türkmen agrosenagat kompaniýasyna 2,5 million dollar karz berildi.
Ýyllaryň dowamynda BDÖB-nyň maýa goýum maksatnamasyndaky sebit kärhanalarynyň sany köpeldi. Telekeçilik taslamalary diňe bir paýtagtda däl, Daşoguz, Mary, Türkmenabat, Türkmenbaşy şäherlerinde hem maliýeleşdirildi. Şol bir wagtyň özünde, BDÖB maksatnamasynyň maksatlaýyn topary kiçi we orta kärhanalar, şeýle hem söwda, hyzmatlar, gurluşyk we önümçilik bilen meşgullanýan aýry-aýry telekeçilerdir. Umuman aýdanyňda, BDÖB Türkmenistanda döredilen gününden bäri dürli pudaklarda 80 taslama üçin 293 million ýewro maýa goýdy.
Umuman, Türkmenistan bilen ÝÖTB-niň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar häzirki wagtda gerimini has-da giňeldýär. Munuň özi bolsa, Watanymyzyň ykdysady ýagdaýynyň güýçlenmegine we dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň barha ýokarlanmagyna getirýär.
Yslam TYLLANUROW,
TDBGI-niň Inžener mehanika
fakultetiniň uly mugallymy.