Gaznaly türkmenleriň döwletiniň meşhur hökümdary Mahmyt Gaznaly
(hökümdarlyk ýyllary 998-1030 ý.) 971-nji ýylda Owganystanyň Gazna şäherinde
dogulýar. Mahmyt Gaznaly 27 ýaşynda Gaznaly tagtyna geçýär.
Gündogarşynaslar K.E.Boswort, W.W.Bartold, A.Ý.Ýakubowskiý onuň nesliniň
türkmenleriň gaýa boýundandygyny ýazýarlar. Bagdat halyfy Kadyr Mahmyt
Gaznalynyň harby taýdan başarjaňlygyny, döwleti dolandyrmakda syýasy
kynçylyklardan ýerlikli baş alyp çykandygyny göz öňünde tutup, oňa «Döwletiň
daýanjy we dini jemgyetiň ynamdar wekili» (Ýemin ad-daula amin al-milla) diýen
hormatly at bilen bilelikde «Horasanyň soltany» diýen nyşany berýär.
Mahmyt Gaznalynyň döwletiniň çäkleri Eýrandan Hindistanyň Gang
jülgesine, Horezmden Hind ummanyna çenli ýaýylyp gidipdir. Mahmyt Gaznaly
1001–1026-njy ýyllar aralygynda Hindistana 17 gezek ýöriş gurapdyr. Hindileriň
üstüne uzaga çeken gazawatlary guran hem bolsa, şol halkyň ömürboýy döreden
medeni mirasyna uly sarpa goýupdyr. Nyzamylmülk «Syýasatnama» kitabynda
Mahmyt Gaznaly barada: «Döwlet dolanyşygynyň inçe syrlaryny doly öwrenip,
hökümdarlyk etmekde özüniň ajaýyp medeniýetliligi bilen il içinde taryplanypdyr.
Ol mydama dünýäden öten meşhur patyşalar barada rowaýatlary diňlemegi gowy
görüpdir. Şol öten patyşalara sarpa goýmagy başarypdyr. Özüniň adalatlylygy
bilen Mahmyt halkyň içinde uly şöhrata eýe bolupdyr. Ol musulman dünýäsinde
yslam üçin göreşen hökümdar hökmünde tanalypdyr» diýip ýazypdyr.
Alymyň köşk howandarlygy, hemaýaty bolmasa ýeke özüniň bitirjek işi ýok.
Ylym köp çykdajylary talap edýär. Ylmy maddy serişdeler bilen üpjün etmäge we
goldamaga köşgüň güýji ýetýär. Dünýäde meşhurlyk gazanan beýik alymlaryň
galabasy köşkde ýaşap, köşgüň hemaýatyndan peýdalanan adamlar. Soltan
Köneürgenji öz tabynlygyna alansoň, musulman dünýäsinde ady belli matematik,
astronom we taryhçy Abu Reýhan Birunyny (973–1048) Gaznanyň alymlar
köşgüne alyp gaýdýar. Biruny Gazna geleninde, özüniň ylmy hazynasyny ýany
bilen alyp gelmegi başarypdyr. Gündogaryň beýik alymy Biruny soltan Mahmyt
Gaznalynyň Hindistana eden ýörişlerine gatnaşyp, hindi alymlarynyň kömek
bermeginde «Hindistan» diýen uly eserini döredipdir.
Mariýa MAHMUDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby