Ulgamda amerikaly hünärmenleriniň soňky oýlap tapan işleri barada
maglumat peýda boldy. Olar 12 gezek gaýtadan ulanyp boljak emeli buz ýasamagy
başardylar.
Şol bir wagtyň özünde, alymlaryň tassyklamagyna görä, olaryň döreden
täzeligi ekologiýa taýdan arassa – ähli resurslary ulanylandan soňra aňsatlyk bilen
gaýtadan işlenip bilner.
Täzeligiň ýene bir artykmaçlygy, şekil berlende onuň çeýeligidir. Bu, emeli
buzuň esasynyň 1/10 želatin we suwdan ybarat gidrogeliň aýratyn bir düzümi
bolandygy sebäpli başa bardy.
Buzuň žele görnüşli şekili diňe otag temperaturasynda saklanýandygyny
belläp geçeliň. Madda doňdurylandan soňra, hakyky buz ýaly gaty bolýar. Onuň
göterip bilýän ýük agramy 10 kg.

Göwher ATAJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby