Kanadaly aýdymçy The Weekndiň (Eýbel Tesfaye) “Blinding Lights”
aýdymy Billboard žurnalynyň “ähli döwrüň iň gowy aýdymlary” sanawynda birinji
orny eýeledi, diýip neşiriň web sahypasynda aýdylýar.
"Blinding Lights” aýdymy, 63 ýyllyk taryhy bolan Billboard Hot 100
sanawyna düşen 30 müň töweregi sazyň arasynda iň gowusydyr. 2019-njy ýylyň
noýabr aýynda çykan bu aýdym, täze iň esasy aýdym boldy "-diýip Billboard habar
berýär.
“Bu barada durup geçmezlige çalyşýaryn. Men ýöne örän minnetdar "-diýip
sazanda teswir berdi.
Billboard ähli döwürleriň iň gowy aýdymyny yglan etdi
