Beýik gahrymançylyklary bilen türkmen halkymyzyň şöhratly geçmiş
taryhynda ebedilik yz goýan şahsyýetlerimiziň biri-de, alty asyrlap üç yklymda at
çapdyryp, öz hökümini ýöreden Osmanly türkmen döwletiniň binýadyny tutan
Osman gazynyň kakasy Ärtogrul gazydyr. Taryhçy Zeki Weledi Togan «Umumy
Türk taryhyna giriş» atly kitabynda Osmanlylaryň atalary baradaky rowaýatlara
salgylanyp, olaryň Mawerennahrdan Merw şäherine, ýagny Horasana gelendigini,
soňra mongol goşunlarynyň aralaşmagy bilen 50-70 müň öýli töweregi türkmeniň
günbatara tarap çekilendigini aýdýar.
Pasin obasynda ýedi ýyl töweregi ýaşanlaryndan soňra, bu ýerde gyşyň has
aýazly gelmegi bilen ýanynyň 400 öýli taýpasyny hem alyp Ärtogrul gazy we inisi
Dündar beg ýaşamak üçin has amatly ýer gözläp günbatara – Erzinjana tarap ýola
düşýärler.
Şol ýyllar ýagny XIII asyryň birinji ýarymynyň soňunda gündogardan gelen
mongol leşgerleri Kawkazy we Gündogar Anadolyny eýeleýärler. 1243-nji ýylda
Anadoly Seljuklarynyň Kösedag söweşinde mongol goşunlaryndan ýeňilmegi hem
üstesine bolýar. Beýik Seljuklylar döwründe bu ülkelere gelip ýerleşen türkmenler
mongollar tarapyndan ýaşaýan ýerlerinden gysylyp çykarylýarlar.
Seljukly döwleti tarapyndan dolandyrylýan uç welaýaty Sinop we
Kastamonudan başlap, Antalýa çenli uzan ýerleri öz içine alypdyr. Bu uçlar öz
içinde gadymy türkmen döwlet dolanyşygynyň bir mysaly hökmünde «sag» we
«sol» görnüşinde iki gola bölünipdir. Seljukly soltanyna bagly bolan bu iki gol uç
beglikleri, soltanyň emri bilen bellenen beglerbegi ýa-da begler tarapyndan
dolandyrylypdyr. Ankara ýakynlarynda az wagtlyk ýerleşenden soňra, Ärtogrul
gazy Wizantiýa serhedine, Sakarýa oazisinde ýerleşen Sögüte gelýär. Anadoly
Seljukly Soltany Alaeddin Keýkubadyň I emrindäki sag gol beglerbegi
Hüsameddin Çopan beg soltanyň ady bilen Kryma garşy ýöriş edýär. Bu
ýagdaýdan peýdalanan Wizantiýa goşunlary uçlara, ýagny Seljukly döwletiniň
çäklerine aralaşýarlar.  Şeýlelik-de, Seljukly döwletine baglylygy, olaryň
abraýynyň döwlet derejesinde göterilmegine getirýär. Bu ýagdaý Ärtogrul gazy we

onuň ýerine geçen ogly Osman gazynyň uç ýerlerinde syýasy üstünlik
gazanmagyna esas bolýar.
Gyşyny Sögütde, ýazyny bolsa Domaniçde geçiren Ärtogrul gazy we
gaýalar, gelip goşulýan söweşijilerdir, gazylaryň kömegi bilen gün-günden
kuwwatlanyp başlaýarlar. Ärtogrul gazy 1281-nji ýylda 93 ýaşynda Sögütde
aradan çykýar. Onuň nesillerinden 34-nji Osmanly soltany Abdulhamyt II (1876-
1909) Sögüte, beýleki Osmanly soltanlaryndan tapawutlylykda aýratyn üns berýär
hem-de onuň ýatan ýerinde kümmet gurdurýar.
Ärtogrul gazynyň ömür ýoly, begliginiň ýolbaşçylygyny ele alan gününden
başlap, diňe at üstünde we göreşlerde geçipdir. Goňşy türkmen beglikleri bilen
dostlukly gatnaşyklary ösdürip, emrindäki halkyny asuda we parahat durmuşda
ýaşadypdyr. Halk arasynda jomartlygy, adyllylygy, merhemetliligi, päk ýürekliligi,
sabyrlylygy, parasatlylygy we döwlet adamsyna mahsus öňdengörüjilik häsiýeti
bilen özüni tanadan Ärtogrul gazy, özünden soňky nesiller üçin nusga alarlyk
mekdepdir. Ärtogrul gazy ogly Osman gaza kiçi bir beglik, tejribeli we wepaly
serkerdeler, uly abraý miras goýýar hem-de geljekki ýeňişleri üçin ýol açýar.
Kakasy Ärtogrul gazy bilen Osman begiň guran döwleti soňlugy bilen Beýik
Osmanly imperiýasy astynda dünýäniň üçden birine 600 ýyldan gowrak wagtlap
höküm edýär.

AÝNUR Töräýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby