Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk
hojalygynyň her bir pudagynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, ykdysady hem-
de syýasy ugurlarda, şol sanda dilimizde-de, edebiýatymyzda-da uly
öňegidişlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesli aňly-
düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn ruhda terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda beýik
işleri durmuşa geçirýär hem-de ene dilimizi, edebiýatymyzy we taryhymyzy
ylmy esasda öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär.
Elbetde, taryhymyzda, edebiýatymyzda gymmatly maglumatlary
asyrlaryň jümmüşinden şu günlerimize getirýän zat ýazuw ýadygärliklerimiz
bolup durýar. Ilkibaşda tebigatdaky aýry-aýry zatlary habar bermegiň, ýatda
saklamagyň ilkinji serişdeleri beýan edilipdir. Muňa zatlaryň ýazuwy hem
diýilýär. Olar haýsy-da bolsa bir zady aňladýan, habar berýän alamat bolup
çykyş edipdir. Mundan başga-da, düwün ýa-da ýüp ýazuwy hem bolupdyr.
Meselem: Ol taýaga daňlan dürli reňkli hem-de örülen ýa-da işilen, düwlen
ýüplerdir. Düwlen gyzyl reňkli ýüp goşuny, ýaşyl reňkli ýüp däneden bişirilen
çöregi, sary reňkli ýüp altyny aňladypdyr.
Görşümiz ýaly, zerurlyk maksady bilen döredilen dürli zatlaryň üsti bilen
düşünje aňladylyp, ýuwaş-ýuwaşdan ýazuw ösüp başlapdyr. Aslynda, ýazuw
görmek arkaly kabul edilýän, çyzylmak, oýulmak arkaly döreýän belgileriň
jeminden emele gelýär. Ol öz üstünden üç ösüş döwri geçiripdir. Olaryň içinde
iň gadymysy hasaplanýan piktografiýa ýazuwydyr. Piktografiýa sözi latyn we
grek diliniň goşulmagyndan emele gelip, «pictus» — latynça «surat», «grapho»
— grekçe «ýazýaryn» diýen manyny aňladýar.
Biz gadymy taryhymyzy şol ýazuwlar arkaly öwrenýäris. Ýazuw wagt
giňişligini ýeňip geçýändir. Diýmek, piktografiýanyň kämilleşen
piktogrammalary häzirki ösen döwrümizde hem gadyr-gymmatyny gaçyrman
gelýär. Olar ýollarymyzyň asudalygyna ýardam edýär.
Ogulmaral ORAZBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby