Amerikaly aýdymçy Jon Batist şu ýyl Grammy aýdym-saz baýragyna nominasiýalaryň sany
boýunça lider boldy, ol jemi 11 nominasiýada, şol sanda artist üçin iki esasy kategoriýada –
“Ýylyň ýazgysy” we “Ýylyň albomy” kategoriýalarynda görkezilýär. Bu barada baýrak üçin
dalaşgärleriň sanawy neşir edilenden soň belli boldy diýip, kino.rambler.ru habar berýär.
Kanadaly Jastin Biber bilen amerikaly Doja Ket we H.E.R. (Gabrielle Uolson) diňe sekiz
kategoriýada görkeziler, olaryň yzyndan ýedi ugur bilen Billi Aýliş we Oliwiýa Rodrigo
gelýär.
Artistiň döredijiliginiň şeýle ykrar edilmegi onuň aýdym-saza köptaraplylygyndan gelip
çykýar, özüniň eserlerinde ol Täze Orleanly maşgalada önüp-ösen sazandalara mahsus jaz
we R’n’B stilini birleşdirýär, şol sebäpli ýerine ýetirijiniň kompozisiýalary bellenilen žanrlaryň
hem birnäçe kategoriýalarynda görkezilýär.
Şu ýyl dalaşgärleriň sanawyna ABŞ-nyň 44-nji prezidenti Barak Obama hem goşuldy. Onuň
“Wada berlen ýer” (“A Promised Land”) atly ýatlamalary poeziýa we audiokitap
kategoriýasynda baýrak almak üçin göreşer.
Grammy baýragynyň ýeňijilerini sylaglamagyň 64-nji dabarasy 2022-nji ýylyň 31-nji
ýanwarynda Los-Anjelesde geçiriler. Sazandalar jemi 85 nominasiýada, şol sanda iki täze –
dünýäniň aýdym-sazynda “Iň gowy global aýdym-saz çykyşy” we latyn amerikaly ýerine
ýetirijiler üçin “Iň gowy şaher albomy” kategoriýalarynda bäsleşerler.