Owganystanyň paýtagty Kabul şäheri Hindiguş dagynyň belent
gerişleriniň arasynda ýerleşýär. Ol dünýäniň deňiz derejesinden iň belentde
ýerleşen paýtagt şäherleriniň biridir. Ortaça alnanda, Kabul şäheri 1700 — 1800
metr belentlikde ýerleşýär. Bulutlaryň deňinde ýerleşýändigine garamazdan, bu
ýere gurak hem-de güneşli howa mahsusdyr. Ortaça ýylyň 300 güni güneşli
howa bolýar. Şäheriň içinden Kabul derýasy akyp geçýär. Kabul dünýäde ilatyň
artmagy netijesinde çägini tiz giňeldýän şäherleriň bäşinjisi bolup durýar.

Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.