Biziň ählimiz az hem bolsa kofe we onuň täsiri baradaky maglumatlary bilýän bolsak gerek. Artan aýalyk, azalan ýadawlyk, titreýän eller, azajyk alada. Kofeiniň ýoklugy bolsa kelle agyry, ýadawlyk we üns jemlemekde kynçylyk çekmek diýlip kesgitlenýär.

Kofe beýnidäki adenozin reseptorlaryny aldap, şol resperatorlary dolandyrýar. Günüň dowamynda adenozin ýuwaşlyk bilen postsinaptiki ýerlerde uka iterýän resperatorlary işjeňleşdirýär. Kofein hem şol adenozina baglanyp, onuň işjeňliligini peseldýär. Şeýlelikde, adenozin bizi uka iterip bilmez.

Elbetde her gün kofe içmegiň zyýanly taraplary hem bar. Pikirlenip görüň, hemişe etmeli işini edip bilmän, bir zada baglanyp galýan işgär, belli bir wagtdan soň işini dogry ýerine ýetirip bilmän başlaýar. Adenozin hem wagtynda işini etmez ýaly, biz ony saklap, damarlaryň daralmagyna getirip biler. Dogry wagtda, dogry mukdarda içilen ýagdaý bize köp peýdalar berjek kofeini, gerinden artyk, ýalňyş wagtda içip özümize zyýan bermäliň!

Nargila MERDANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby