Güneşli diýarymyzyň howa şertleri Merkezi Aziýada agyr howa şertleriň biridir, ýurduň demirgazyk böleginde ýaşaýan ilata Aral deňziniň ekologiki betbagtçylygynyň, topragyň tapdan düşmeginiň, şorlaşmagynyň we çölleşmäniň ýaramaz täsiri ýetdi. Ýokary temperatura, ygalyň az mukdary, Amyderýanyň joşmagy, sil suwlary (ýylda 10 göterim), güýçli ýagýan ýagyşlar (ýylda 5 göterim) we aşa yssy howa (ýylda 1.5 göterim) bilen häsiýetlenýän howanyň üýtgemegi Türkmenistan üçin goşmaça ýaramaz ýagdaýlary döredip biler.

Ýokumly azyk önümleriniň önümçiligini togtatmak, arassa agyz suwunyň üpjünçiligini azaltmak, daşky gurşawy zaýalamak arkaly, esasan hem Aral deňziniň ekologiki betbagtçylygy zerarly Türkmenistanyň demirgazyk böleginde howanyň, suwuň we topragyň zaýalanmagy bilen bagly meseleleriň netijesinde howa şertleriniň üýtgemegi we daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy çagalaryň abadan durmuşyna täsirini ýetirýär.

Howanyň üýtgemegi çagalaryň diri galmagyna, ösmegine, iýmitlenmegine, bilim almagyna we olar üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligine, ýagny Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýada beýan edilen hukuklaryň ählisine howp salýar.

2012-nji ýylda Türkmenistan Howanyň üýtgemegi barada milli strategiýany kabul etdi. Strategiýa häzirki we geljekki nesiller üçin daşky gurşawy gorap saklamaga we ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek arkaly adamlaryň ýaşaýyş ýagdaýyny oňatlaşdyrmaga gönükdirilendir.

2016-njy ýylda Türkmenistan Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna gol çekdi we ony tassyklady, netijede, howa şertleriniň üýtgemeginiň öňüni almak meselesine uly ähmiýet berýändigini subut etdi. Şeýle-de Türkmenistan ähli Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM), şol sanda daşky gurşawa degişli bolan 12-nji we 13-nji Durnukly ösüş maksatlaryny we görkezijileri tassyklady. Türkmenistan suwuň we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak, ilatly ýerlerde bag nahallaryny ekmek bilen howanyň hapalanmagynyň derejesini azaltmak, azyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak maksady bilen, uly göwrümli infrastruktura işlerine maýa goýum goýýar we suwy tygşytly ulanmak üçin niýetlenen tehnologiýalary ornaşdyrýar.

ÝUNISEF Ýewropa komissiýasynyň ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça departamentiniň ilaty mümkin bolan tebigy betbagtçylyklara taýýarlamak maksatnamasyna (DIPEKO) esaslanyp, orta mekdeplerde tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça birnäçe başlangyçlary durmuşa geçirdi. Muňa betbagtçylyk howpuny azaltmak boýunça dersleriň okuw maksatnamasyna girizilmegi we mekdepleriň howpsuzlygyna baha berilmegi mysal bolup biler.

Çagalar üçin howa şertlerine baha bermek boýunça ilkinji barlag geçirildi. Bu barlag çagalara täsirini ýetirýän howa we daşky gurşaw şertleriniň meseleleri baradaky esasy maglumat çeşmesidir.

Öwezgeldi AMANGELDIÝEW,

Türkmenistanyñ Döwlet Energetika institutynyň talyby