Mähriban Watanymyz – Türkmenistan bu gün bütin dünýäde hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýeke-täk döwlet hökmünde tanalýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň  (BMG) Kararnamasy bilen ykrar edilen dünýädäki ilkinji, şol bir wagtda bu Kararnamany öz Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir.

           Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny Konstitusiýamyzyň 2-nji maddasy kesgitleýär. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýär.

           Bitaraplyk düşünjesine berilýän umumy kesgitlemelere laýyklykda, bitaraplyk – bu «döwletiň aýratyn halkara hukuk ýagdaýydyr».

           Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde döwletimiziň ösüşiniň häzirki zaman döwri, onuň ägirt uly parahatçylyk dörediji mümkinçilikleri bilen häsiýetlendirilýär. Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan döwründen bäri sebitdäki ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Aşgabatda BMG-niň Merkezi    Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy sebitde hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna oňyn mümkinçilikleri emele getirdi.

          Hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, BMG, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň ösdürilmegine we berkidilmegine gönükdirilen işler amala aşyrylýar.

          Bitaraplyk syýasatyna eýerýän Milli Liderimiziň umumyadamzat bähbitleriniň, parahatçylykly ýaşaýşyň hatyrasyna bitirýän hyzmatlary taryhy ähmiýete eýedir. Adamzada hyzmat etmek – bu beýik işdir.

          Parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we ösüş ýoly bilen umumyadamzat ähmiýetli, beýik işlerinde Hormatly Prezidentimize diňe rowaçlyklar arzuw edýäris!

Begmyrat Myradow 
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby.