30-njy noýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky
Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan –
parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti»
atly halkara webinary geçirildi.
Webinara dünýäniň 15 ýurdundan 40-dan gowrak medeniýet ulgamynyň
wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli
toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowa, Ukrainanyň Çagalar üçin milli
kitaphanasyň Baş müdiri A.Gordiýenko, Ýerewanyň K.Stanislawskiý adyndaky
Rus drama teatryň Baş direktory M.Mhitarýan, Belarus döwlet filarmoniýasynyň
Baş direktory A.Nikita we başgalar çykyş etdiler.
«Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinar geçirildi
