Arkadygymyzyň eziz Watanymyz, beýik halkymyz hakdaky pikirleri Watanymyzyň taryhynyň özüniň mizemez gymmatlykdygyny subut edýär. Watanymyzyň taryhyny, nesillerde watançylyk duýgusyny kämilleşdirmek we bu zatlaryň gymmatyny düşündirmek mukaddes borçdur. Watan hakdaky düşünjelerimiziň esasy çeşmesi Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan ajaýyp eserleridir. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan pikirleri Watan hakdaky oýlanmalarymyza çeşme bolup hyzmat edýär. Watançylyk duýgusy, watanperwerlik biziň ganymyzda, damarymyzda bar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: “Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý, watany terk edip gidiji bolma!” diýen sözleriniň özüni tumar edinip dakynybermeli. Watandan aýralyk ýaly agyr dert ýok. Mukaddes Watan üçin biziň başaryp biljek zatlarymyz sanardan köpdür. Bu Hormatly Prezidentimiziň paýhasly we her bir adamy oýlandyrýan pähimlerine öz başarnygymyz bilen jogap bermekdir. Watana bolan söýgümiz, bu halkymyzyň geçmişine, şu gününe we geljegine bolan buýsanjymyzdyr. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýöredýän ynsanperwer syýasatyny, milli mukaddeslikleri, däp-dessurlary, döwlet nyşanlaryny we olaryň aňladýan manysyny, Watanymyza Garaşsyz döwletimize dahylly her bir aýratynlygy we ajaýyplygy bilmegimiz wajypdyr.

Watançylyk duýgusy –türkmeniň iň adamkärçilikli duýgusydyr. Şu manyda ol enä bolan söýgi bilen manydaşdyr. Adamy ene bilen diňe ýüregi däl, eýsem on iki süňňüni hem baglanyşdyrýar. Şonuň üçin türkmen näçe kynçylyk görse-de, horluk çekse-de, ene sözüne uly hormat goýýar. Her bir adam Watanyny hem enesini söýşi ýaly söýse, onda onuň gursagynda halallyk emele geler. Biziň hemmämiz Watan üçin jan çeksek,onuň bähbidini ileri tutsak, halal zähmetimiz bilenem özümiz baýarys. Watany baýatman, baýap bolar,ýöne bu baýlygyň yzy puçdur. Watany beýgeltmän, beýgelip bolmaz. Watan bähbidi diýmek, seniň çagaň bähbididir. Döwletimiziň at-abraýyny belende göterýän, öz halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

                                Ýalkapberdi PÄLWANOW,

Türkmenistanyñ Döwlet Energetika institutynyň talyby