Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen birlikde ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylyar. Onuň esasynda gazanylan ösüşler, öndürilýän tehniki enjamlar durmuşymyzyň ähli pudaklaryna ornaşdyrylýar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň has-da gowlaşmagyna, adam eli bilen edilýän zähmetiň agramly böleginiň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagyna mümkinçilik döretdi. Häzirki wagtda bu ulgam babatynda öňde goýlan wezipeleri çözmek ileri tutulýan möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Ýurdumyzda “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Kanun hem-de ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek hem-de işe girizmek boýunça birnäçe resminamalar kabul edilmegi onuň durmuşymyza has-da içgin ornaşdyrylýandygyny alamatlandyrýar. Muňa Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda “Sanly çözgüt-IT meýdança” hojalyk jemgyýeti döredilip, onuň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça sargytlar kabul edilip, olar önümçilige ornaşdyrylmagy aýdyň mysal bolyar.
Sanly ulgam babatda amala aşyrylýan bu işleriň ählisinde maglumat binýadynyň howpsuzlygyny üpjün etmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurdan hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda” Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, bellenen işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin zerur işleriň geçirilmegi hem-de bu ugurda hünärmenleriň taýýarlanylmagy we olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy örän möhümdir.
Häzirki adamzat durmuşynyň nanotehnologiýalar döwrüniň barha kämilleşmegi netijesinde täze tehnologiýalar, elektron hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Akylly ulgamlar döwlet edaralarynyň we ähli pudaklaryň işine ornaşdyrylýar, bu bolsa önümçiligiň guralyşyny hem-de dolandyrylyşyny düýbünden üýtgedýär. Ýurdumyzda aragatnaşygyň barha täze hyzmatlarynyň hödürlenilmegine aýratyn üns berilýär. Sanly ulgam merkezinde işleriň döwrebap derejede ýola goýulmagy, bu ugurda alnyp barylýan işleriň dünýä tejribesini nazara almak arkaly mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň maksada laýyk amala aşyrylmagynda örän möhümdir.
<<Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna>> laýyklykda ýurdumyzda halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler alnyp barylýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ony ösdürmek bilen bagly wezipeler tapgyrma-tapgyr durmuşa ornaşdyrylýar. Okuw ýaşy dolan körpeleriň ilkinji okuwa gadam basan günleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan kompýuter sowgatlarynyň berilmegi,orta we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuter bilen baglanyşykly sapaklaryň yzygiderli geçilmegi ýurdumyzy sanly ulgama geçirmegiň iň ilkinji basgançaklarynyň biridir.Ýurdumyzyň şeýle-de daşary döwletleriň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly onlaýn görnüşinde yzygiderli geçirilýän ylmy okuw sapaklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Sanly ulgama geçmek milli ykdysadyýetimiz üçin hem hil taýdan täze döwür boldy. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň has-da ösüşlere eýe bolmagyna getirdi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bu ugurda yzygiderli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, diwersifikasiýa ýoly bilen ösüşi we senagatlaşdyrmagy, ýokary goşulan bahaly taýýar önümiň öndürilmegini ugur edinýän ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzümi günsaýyn üýtgeýär. Hususylaşdyrmak işi dowam edýär. Ýokary tehnologiýaly, ylmy işleri talap edýän we innowasion pudaklary, hususan-da, elektron senagatyny ösdürmegiň binýady goýuldy.
2030-njy ýyla çenli döwür üçin dünýäniň gün tertibi hem-de milli syýasat ýurdumyzda amala aşyrylýan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça işler bilen ýakyndan baglydyr. DÖM babatda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň amala aşyrylmagy bar bolan ähli serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmakda jemlenip, durmuş ulgamy şol wagtda halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ekologiýa ulgamy bolsa daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmäge hem-de tebigata aýawly garamaga gönükdirilendir. Döwlet maksatnamalaryna we iri ykdysady taslamalara ornaşdyrylan DÖM-ni ýerine ýetirmek üçin sanly tehnologiýalaryň artykmaçlygy aýdyňdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda telelukmançylygyň, onlaýn bilimiň hem-de uzak aralykdan okatmagyň, elektron hökümetiň gurallarynyň ösdürilmegini höweslendirýär.
Häzirki wagtda sanlylaşdyrmak ähli pudaklar bilen birlikde oba hojalyk pudagyna hem giňden ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen «John Deere Walldorf GmbH & Co. KG» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini ýatlap geçeliň. Şol resminama laýyklykda, ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyz tarapyndan 2013 — 2019-njy ýyllarda satyn alnan «John Deere» we «Claas» kysymly ýokary öndürijilikli ýörite tehnikalar telematika bilen üpjün ediler. Bu ulgam geçirilýän işleri ýönekeýleşdirmäge hem-de maşynlara, hususan-da, olaryň ýerleşýän ýerine, ýangyjyň sarp edilişine, hakyky ulanylýan wagtyna, ýük urulýan wagtyna we beýleki ençeme ölçeglere gös-göni edara binasyndan ýa-da internete çykyp bolýan islendik ýerden, hatda ykjam telefondan gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Umuman, sanlylaşdyrma hojalyk hem-de dolandyryş işlerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döredip, önümçiligi has çeýe we bäsdeşlige ukyply, diýmek, has girdejili edýär, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirýär. Munuň özi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan “Döwlet adam üçindir!” syýasatynyň doly derejede durmuşa geçirilýändigini aýdyň subut edýär.
Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy ösüşiň ýokary belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumlarynda rowaçlyklar ýar bolsun!
Myrat ÝAGMYROW,
Türkmenistanyñ Döwlet Energetika institutynyň talyby