Dünýä ýüzünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan” ady bilen tanalýan döwlet bolan eziz Watanymyzyň şan-şöhraty bu günki günde dünýä ýüzüne ýaň salyar. Munuň özi Diýarymyzyň ähli babatda ýokary ösüşleri gazanyp, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlyklary ýola goýýandygynyň aýdyň netijesidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen birlikde nebit-gaz pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp, ulanmaga berilýär, nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara taslamalary durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda “mawy ýangyjyň” çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, bar bolan guýularyň önüm berişini ýokarlandyrmak hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly täze guýulary özleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hem-de “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça birnäçe maksatnamalaýyn işleriň ýola goýulmagy bu ugurdan ýokary netijeleri gazanylýandygynyň aýdyň alamatydyr. Bu babatda tebigy gazy gaýtadan işlemek, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, sebitara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz özüniň çykyşlarynda bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine we ylmyň ýokary gazananlaryna hem-de täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydygyny belleýär.
Nebitgaz ýataklarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak hem-de geljegi uly täze uglewodorod ýataklaryny gözläp tapmak we ýüze çykarmak, şolary özleşdirmek hem-de gazylyp alynýan çig malyň mukdaryny artdyrmak ugrunda ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işler pudagyň kuwwatyny artdyrmak, onuň düzümlerine innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň nebit senagaty öňdebaryjy, düşewüntli pudaklaryň birine öwrülýär. Bu Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu pudagyň öňünde durýan önümçilik wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň degişli düzümleriň maliýe-ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmaga bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna oňat täsirini ýetirer. Üstümizdäki ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,7 göterim berjaý edildi. Şunda dürli görnüşdäki benzini öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gaz öndürmekde ösüş 117,3 göterime deň boldy.
Ýurdumyzda bu ulgam boýunça ýörite hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi hem hereket edýär. Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 2020-2021-nji okuw ýyly üçin tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, hünärmenler 23 ugur boýunça taýýarlanylýar hem-de bäş ugur boýunça bakalawrlary taýýarlamak okuwlary alnyp barylýar. Şeýle hem nebithimiýa we gazhimiýa senagaty üçin inžener-himiýa, standartlaşdyrmak, sertifikasiýalaşdyrmak, inžener-tehnologiýa, inžener-ekologiýa ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlanylýar.
Häzirki wagtda nebitgaz toplumyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary we halkara tejribesini ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde alynýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak boýunça örän uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem nebitgaz toplumy bilen bilelikde, gaz we nebit çykaryjy kärhanalaryň, geologiýa-gözleg edaralaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi gowulandyrylmak, önümçilik desgalarynda geçirilmegi zerur abatlaýyş we durkuny täzelemek işleriniň maliýe çeşmeleri barada hem-de täze taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada anyk teklipler taýýarlanylýar. 27-28-nji oktýabrda bolsa Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara forum geçirildi. Bu foruma 32 döwletiň 100-e golaý kompaniýalaryndan, halkara guramalardan we iri banklardan wekiller sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Munuň özi nebit-gaz ulgamy boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolan eziz Watanymyzyň bu ugurda has-da ýokary ösüşlere eýe bolýandygynyň aýdyň alamatydyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini ýokary belentliklere göterýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun! Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ähli işlerinde uly rowaçlyklar ýar bolsun!
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby
Hajymyradow Annanur