Ata Watanymyz Türkmenistan dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji döwletdir. Häzirki wagtda hemişelik Bitarap Türkmenistan BMG-niň şeýle-de dünýäniň iri abraýly guramalary Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen, şeýle hem dünýäniň ençeme döwletleri bilen syýasy diplomatik, ykdysady, ylym, bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa, sport we beýleki ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

Biziň ýurdumyzyň bitaraplygy oňyn amatly geosyýasy ýagdaýy, ägirt uly tebigy baýlyklarynyň, ilkinji nobatda, energiýa serişdeleriniň, gaýtalanmajak baý taryhy we medeni mirasynyň adamzat bähbitlerine hyzmat etmeginiň, sebitde howpsuzlygy we durnuklyly saklamagyň girewidir.

Häzirki döwürde bütin adamzadyň parahat, asuda durmuşyny, durnukly ösüşi üpjün etmek gaýragoýulmasyz meseleleriň birine öwrülýär. Sebit howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyga işjeň goşulmak bilen sebitde aýratyn orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz BMG-nyň belent münberinden umumadamzat bähbitli başlangyçlary, sebitde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmak, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça pähim-paýhasly teklipleri öňe sürýär. Bu başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilip, giň goldawa eýe bolýar.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň teklibi esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “2021-nji ýyly- Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi aýratyn many- mazmuna eýedir. 2020-nji 29-njy iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu- Ýork şäherindäki ştab- kwartirasyndan ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlygy hökmünde biragyzdan saýlanylmagy, Türkmenistanyň ýokary halkara abraýy milli Liderimiziň daşary syýasat ugrunyň netijeliliginiň aýdyň ykrarnamasydyr. Mundan ozal Türkmenistan hut şu derejesinde 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji sessiýalaryna gatnaşdy.

Ylýas ANNAMYRADOW,

TDBGI-niň Inžener mehanika fakultetiniň talyby.