4-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow täze bellenen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow Narine Saakýany BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa öz işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligini belläp, hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de häzirki we gejekki taslamalara seredip geçdiler. Esasy meseleleriň arasynda, Türkmenistanyň BSG agzlygyna girmegi, şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny we onuň öz içine alýan Durnukly ösüş maksatlary, adam hukuklary, ykdysady diwersifikasiýa, sanlylaşdyrmak, howanyň üýtgmegi, energetika, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy we beýleki birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki geçiriljek işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şyhmyrat Meläýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.