Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde ÝHHG-niň agza-döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisi, ÝHHG-niň häzirki başlygy, Şwesiýanyň Daşary işler ministri A.Lindeniň baştutanlygynda geçirildi.

         Mejlisiň işine ÝHHG sebitiniň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we Hemişelik wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti, şeýle hem 10 sany hyzmatdaş-ýurtlaryň wekiliýetleri hem gatnaşdylar.

         Mejlisiň dowamynda ÝHHG-niň agza-döwletleriniň howpsuzlyk meseleleri, ýaragly çaknyşyklaryň öňüni almak, milletara howplara garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak ugrunda hyzmatdaşlyk, gender deňligi we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Konsensus esasynda howpsuzlyk we durnuklylyk meselelerine degişli ÝHHG-niň Strategiýasyny, ÝHHG-niň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerinde Guramanyň esasy çemeleşmelerini, şeýle hem Guramanyň işiniň beýleki wajyp ugurlaryny kesgitleýän degişli çözgütler kabul edildi.

Didar Öwezow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.