2021-nji ýylyň 6-njy dekabyrynda Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Bitaraplyk – dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepilidir” atly ylymy-amaly maslahaty geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşleri bile özüniň nurana geljegine tarap aýgytly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Garaşsyz Türkmenistanyň durnukly ösüşi onuň Bitaraplyk daşary syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Garaşsyz türkmenistan döwletine 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen milletler guramasynyň Baş assambleýasynyň ýörite “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly rezalýusiýanyň esasynda 185 agza döwletleriň bir agyzdan goldamagy netijesinde, hemişelik Bitarap döwlet diýen halkara hukuk derejesi berildi. Diýarymyzyň Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan başlangyçlarynyň goldawa eýe bolmagy hoşniýetlilige, parahatçylyga esaslanýan daşary syýasat ugrumyzyň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegidir. Dünýä syýasatynda syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň özgeren we täze bir döwre eýe bolan wagtynda Merkezi Aziýada hem Awstriýa we Şwessariýa ýaly, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek ähli umumy ösüşi üpjün etmek bilen bagly ylalaşdyryjy merkez döretmekligiň zerurlygy ýüze çykýar.
Türkmenistanyň Aziýa yklymynda ýerleşýän döwlet hökmünde Bitaraplyk syýasatyny saýlap almagynyň esasy sebäpleri hökmünde Watanymyzyň geosyýasy we ykdysady ýagdaýlary onuň tutýan çäginiň Aziýany we Ýewropany birleşdiriji çelgi ugur hökmünde çykyş edýändigi bilen düşündirmek bolar.Biziň Bitaraplygymyz mazmuny barada oňňyn Bitaraplykdyr.Onuň Bitaraplyk düşünjesi parahatçylygy we durnuklulygy goldamak ähli ýurtlaryň arasynda dostluk hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerinde biziň işjeň ornumyzy göz öňüde tutýar.Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara we dünýä derejesindäki abraýy ähmiýeti milli Liderimiziň aýratyn tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.Goý ata watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe tarap alyp barýan Gahryman arkadagymyzyň janynyň sag başynyň dik il bähbitli ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde hemişe rowaç almagyny tüýs ýüregimden arzuw etýän.
Altynaý Durdyýewa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.