Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow:

– Bitaraplyk – bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän,

halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi

wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.

 

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Şeýle wakalaryň biri hem gün-günden ösýän, özgerýän ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz: ,,Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär” diýip belleýär.

 

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletlerimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bilelişigi tarapyndan goldanylýar.

 

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Ustawynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň wekilleriniň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy barada ýörite ykrarnama kabul etdi. Munuň özi Türkmenistanyň parahat söýüjilige, oňyn Bitaraplyga eýerýän daşary syýasatynyň bütin dünýä ýüzünde ykrar edilmegidir. Ýurdumyzyň halkara abraýynyň örän belentdigine, barha ösýändigine we hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň dünýäde uly goldaw tapýandygyna Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 62-nji we 64-nji sessiýalarynda wise-başlyklyga saýlanmagy hem şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 62-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, şeýle diýdi: ,,Biz döwletimiz üçin taryhy ähmiýetli wakanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky kararnamasynyň kabul edilmeginiň hut şu ýerde, 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-sinde bolup geçendigine hakly buýsanýarys. Bitaraplyk baradaky kararnama biziň daşary syýasat ugrumyzyň binýadyna hakykat ýüzünde öwrüldi hem-de içerki syýasatymyzyň aýratynlyklaryny köp babatda kesgitledi«.

 

Täze ösüş ýoly türkmeniň taryhy ýörelgesine we milli däp-dessurlaryna gabat gelýän ýol bolan Bitaraplyk derejesiniň kabul edilmegi bir tarapdan daşarky howplardan gorap saklasa, ikinji bir tarapdan deňhukukly özara hormat goýujylykly, beýleki döwletleriň içerki syýasatlaryna gatyşmazlyk bolup durýar. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň aýratyn bir buýsanjynyň çeşmesine öwrüldi. Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen hiç-hili jedelli meseleleri ýok, ýurdumyz olar bilen hem-de dünýädäki ähli ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanyň sebitde ýüze çykýan dawalarynyň öňüni almakda we çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde işlemek tejribesi bar. Mukaddes Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler edilip döwletimiz tanalmaz derejede özgerdi.

Remezan BAÝRAMOW,

TDBGI-niň Inžener mehanika fakultetiniň talyby.