29-njy noýabrda Aşgabadyň “Garagum” otelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Birifinge Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary we işgärleri, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistler, şeýle hem daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň başynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş Sekretary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri Ýazgylyç Orazgylyjowa “Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty” ugry boýunça YHG-nyň ýörite sylagyny gowşurdy.
Brifingi Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow giriş çykyşy bilen açdy. Şonuň ýaly-da Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziriniň çykyşy diňlenildi. Mundan başga-da YHG-na agza-döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy çykyş etdiler.

RU












