Golliwudyň aktýory Arnold Şwarsenegger World of Tanks oýnunda peýda bolar. “Täze ýyl hüjümi” atly baýramçylyk täzelenmesiniň treýleri YouTube-da ýerleşdirildi.
Aktýor öz Instagramynda ,”tankistleriň” hakykatdanam ony oýunda tapyp biljekdigini tassyklady.
“Men World of Tanks bilen birleşdim. Biz bilelikde, meniň oýunda geljekde peýda boljak wagtyma gabatlap, hakyky jadyly baýramçylyk hekaýasyny döretdik! Tiz wagtda siz meni ol ýerde tapyp bilersiňiz” -diýip Şwarsenegger ýazdy.
Döredijiler, Golliwud ýyldyzynyň haýsy rolda peýda boljakdygyny we wakanyň goýberiljek senesini entek açyklamadylar.
“Täze ýyl hüjümi” – bronetehnika baradaky oýunyň her ýylky geçirýän aksiýasydyr. Bu döwürde, ähli ulanyjylara öz angarlaryny zerler, oýunjaklar we beýleki baýramçylyk enjamlary bilen bezemek teklip edilýär , şeýle hem ýörite söweşler geçirýärler.