Tomaşaçylar ýene-de Kianu Riwziň ýerine ýetirmeginde Neo, ýagny Tomas Anderson, şeýle hem onuň söýgülisi Trinitini ýerine ýetirýän (Kerri-Enn Moss) görerler. Olaryň ikisi-de başyndan geçenleri ýatlaryna salarlar we ýagdaýa düşünjek bolarlar. Olara, ýaş Morfeus (Ýahýa Abdul-Matin II) kömek eder.

Olar bilen birlikde filmde Jada Pinkett-Smit, Nil Patrik Harris, Jonatan Groff we beýlekiler hem çykyş eder.

Iň soňky “Matrisa. Rewolýusiýa” 2003-nji ýylda çykdy. Şonda režissýorlar adamlar bilen maşynlaryň arasyndaky söweşi soňladylar. Muňa garamazdan, birnäçe ýyldan soň režisslsýor Lana Waçowski aýal dogany Lilly bilen döreden ylym dünýäsine gaýdyp geldi.