«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň ikinji tomy Balkan welaýatynda önüp-ösen,
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, ýaralanma
zerarly hassahanalarda aradan çykan hem-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty
ýadygärligine bagyşlandy.
Täze neşirde bellenilişi ýaly, bar bolan maglumatlara görä, Balkan
welaýatyndan goşuna 35 müňe golaý adam çagyrylyp, urşa giden balkanly
esgerleriň 8 müň 938-den gowragy Ýeňiş üçin şirin janlaryny gurban edip,
mähriban ojaklaryna dolanyp gelmediler.
Şeýle hem neşirde sylag hatlary we suratlary tapylan türkmen halkynyň
edermen ogullary we gyzlary hakynda maglumatlar getirilýär. Kitapda frontdan
gelip gowşan hatlaryň, uruş ýyllarynda, şeýle hem häzirki günlerde joşgun bilen
ýazylan goşgularyň nusgalary ýerleşdirildi.
Maglumatlaryň giň dokumental binýady dürli çeşmelerden alyndy. Olar
Balkan welaýatynyň şäherleriniň we etraplarynyň harby wekillikleriniň, durmuş-
üpjünçilik bölümleriniň arhiwlerinden, uruş weteranlarynyň ýatlamalaryndan,
şahsy maglumatlardan, ylmy makalalardan, döwürleýin neşirlerden ybaratdyr.
Kitabyň sahypalarynda ildeşlerimiziň söweş edermenligi barada gürrüň
berilmeýär, emma resmi maglumatlar arkaly tutuş nesliň terjimehaly bilen tanşyp
bolýar. Täze neşirde esgerleriň doglan, wepat bolan, jaýlanan senesi we ýeri, harby
derejesi hakynda maglumatlardan başga-da, olaryň goşuna çagyrylan ýeri hem-de
ýyly hakynda maglumatlar berilýär.
Türkmenistanly esgerleriň diňe edermenligi barada däl-de, eýsem, tyldaky
gahrymançylyk, zenanlaryň we çagalaryň tutanýerli zähmetleri bilen uzak
garaşdyran Ýeňşi ýakynlaşdyran günleri barada gürrüň berýän fotosuratlaryň hem
üsti ýetirildi.
Şol döwrüň bahasyna ýetip bolmajak fotosuratlarynyň üsti arhiwden tapylan
suratlar, şeýle hem welaýatyň çäginde ýerleşen, uruş gahrymanlarynyň hormatyna
dikeldilen ýadygärlikleriň suratlary bilen ýetirildi.
Suratlaryň birinde Türkmenistanyň şu sebitinden çagyrylan esgerleriň
Leningrad oblastynyň Staraýa Rusa şäherçesindäki doganlyk gonamçylygyny
görmek bolýar. Fotoresminamalar türkmen halkynyň gahryman we gaýduwsyz
ogullarynyň öçmejek edermenligi hakynda baý taryhy çeşmedir.
Mälim bolşy ýaly, “Hatyra” kitaby 1993 — 1998-nji ýyllarda neşir edildi.
Türkmenistanda «Hatyra» kitabynyň ikinji tomy çapdan çykdy
