Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň
telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda
öndürilen uçar we yşyklandyryjy kerosinini satyn aldylar.
«Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gaz we el
halylary Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny
düzdi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 853 müň dollaryndan gowrak
boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 39 million 11 müň
manatlykdan gowrak «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen ýokary
dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylary satyn aldylar.
Türkmenistanda geçen hepdäniň birža täzelikleri
