Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,
Türkmenistanyň Merkezi bankyna hem-de ygtyýarly karz edaralaryna
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň berlen karz
serişdelerinden 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä gaýtarylman
galan galyndylarynyň, şeýle hem geçen döwürde hasaplanyp tölenilmedik göterim
tölegleriniň tölenilmeli möhletlerini 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli gaýra
süýşürmäge ygtyýar berildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Merkezi banka Adalat ministrligi bilen
bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň
kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de
Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň karz serişdelerini tölemek möhleti bir ýyl yza süýşürildi
Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň karz serişdelerini tölemek möhleti bir ýyl yza süýşürildi
