Bananlarda radiasiýa barlygy ýüze çykdy. Ýöne bu nähili howply we bu
miwäniň näçe sanysyny saglygyňyza zyýan bermezden iýip bilersiňiz? Bu barada,
Pekiniň awiasiýa we kosmonawtika uniwersitetiniň hünärmenleri WeChat
materialynda gürrüň berýärler.
Hünärmenler Çžan Sýaotýanyň we Lýao Sženiň sözlerine görä, bananlar
ionlaşdyryjy radiasiýa çykarýarlar. Munuň sebäbi,bu miwäniň düzüminde bar
bolan madda – kaliý bilen baglanşyklydyr. Ýöne onuň düzüminde ýene-de bir
madda bar – kaliý-40. Bu eýýäm radiasiýanyň çeşmesi bolan kaliýiň radioaktiw
izotopydyr. Kaliý-40 diňe bananlarda däl-de, eýsem beýleki miwelerde hem bar.
Bananlaryň düzümindäki kaliý-40 nä derejede howply? Radiasiýanyň dozasy
barada aýtsak, egerde bir banan iýsek, ol takmynan 0.0778 mikroziwerta deň bolar.
Bu gaty az. Radiasiýasynyň ölüm howply dozasy, 35 million bananyň düzüminde
bar
Organizmdäki metabolizmanyň işini ýatdan çykarmaly däldiris. Egerde siz
örän köp banan iýen ýagdaýynda, artykmaç kaliý organizmden çykar.
Selbi PIRGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby