Oslo şäherinde Türkmenistanyň we Norwegiýa Patyşalygynyň daşary işler
ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-norwegiýa syýasy
geňeşmeleri geçirildi. Norwegiýanyň wekiliýetine Norwegiýanyň daşary işler
ministriniň orunbasary Audun Halworsen ýolbaşçylyk etdi. Bu barada
Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
geljegi uly ugurlary, sebit hem-de halkara gün tertibi, şeýle hem Merkezi
Aziýadaky we Owganystandaky ýagdaýlar işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de
ykdysadyýetiň energetika we onuň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ähmiýetli
ugurlary boýunça özarahereket etmegiň meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar.
Şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda bilim we
tejribeleri alyşmak, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary
ösdürmek meseleleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Oslo şäherine iş saparynyň çäklerinde
Norwegiýanyň DIM-de 2021-2022-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine
Norwegiýanyň dalaşgärliginiň öňe sürülmegi boýunça Norwegiýanyň daşary işler
ministrliginiň Ýörite wekili Eýwind Nordsletten bilen gysga duşuşyk geçirildi.
Taraplar halkara giňişliginde dalaşgärlikleriň özara goldanylmagynyň aýratyn
ähmiýetliligini nygtamak bilen, birek-biregi mundan beýläk hem hereketleriň
sazlaşyklylygynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň wekiliýeti şeýle hem Norwegiýanyň Daşary işler
ministrliginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Per Albert Ilsaas bilen duşuşyk
geçiridi, onuň barşynda taraplar Türkmenistanyň tutuş Merkezi Aziýa sebitinde,
şeýle-de goňşy Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagyna
goşýan saldamly goşandy aýratyn nygtalyp geçildi.  
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti OMS kompaniýasynyň başlygy Agnar
Forde bilen duşuşyk geçirdi, onda iki ýurduň işewürlik-düzümleriniň arasyndaky
özarahereketleri giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, çünki bu
ýerde özara durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bardyr.