Britaniýanyň dietolog-lukman Sara Pflugradt haýsy gök önümiň insult
döremek ähtimallygyny ep-esli azaldyp biljekdigi barada gürrüň berdi.
Hünärmen, her ýyl millionlarça adamyň insult bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna
ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde bu ýagdaýdan ölýänleriň sany azalýar.
Ýürek-damar ulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrmak arkaly, insult
ähtimallygyny azaldyp bolar. Şeýle hem, aýratyn berhizler hem kömek edip biler.
Lukmanyň sözlerine görä, insult howpuny azyndan 24% azaltmak üçin badat we
adaty ýer almany ulanyp bilersiňiz. Ýer alma, banan, pomidor, guradylan garaly,
gawun ýa-da soýa tohumy ýaly kaliý elementine baý iýmitler, sagdyn gan
basyşyny saklamaga kömek edip biler.

Kumary TAGAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby